«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň çäklerinde geologik-geofiziki usullar bilen ýer jümmüşini öwrenmek boýunça toplumlaýyn strategiýany işläp taýýarlaýan we tebigy baýlyklaryň, ýagny nebitiň, tebigy gazyň, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlarynyň ýataklaryny ýüze çykarmak üçin barlaglary geçirýän geologik gözleg ugry boýunça döwlet guramasydyr.
Ol şol sanda Türkmenistanyň geologik gurluşy we onuň tebigy baýlyklary baradaky maglumatlary ýygnaýar hem-de saklaýar. Türkmenistanyň gury ýerlerinde we Hazar deňziniň türkmen böleginde geçirilýän geologiýa-gözleg işlerini hasaba alýar we bütewi hasabatyny ýöredýär. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlaryna degişli seýsmiki, geologiýa, geofiziki maglumatlar bukjalaryny isleg bildirýän kompaniýalara satýar.
Arçabil şaýoly, 56 jaý, Aşgabat şäheri, Türkmenistan, 744036